Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty Obamanyň Saglyk programmasy baradaky kanuny goldady


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Senaty prezident Barak Obama tarapyndan öňe sürlen Saglyk programmasy baradaky kanuny goldap ses berdi.

Hususan-da, bu kanuna senatorlaryň 39-sy garşy ses beren bolsa, 60-sy bu kanuny goldady.

871 milliard dollar çykdaja durjak bu saglyk programmasy saglyk strahowaniýesi bolmadyk on millionlarça amerikalylary döwletiň hasabyna ýörite strahowaniýa bilen üpjün etmekligi göz öňünde tutýar.

Mundan öň bu kanunyň proýektine Parlamentiň aşaky öýi, ýagny Kongress hem goldap ses beripdi.

Prezident Obama geljek ýylyň başlarynda saglyk baradaky bu täze kanunçylyga gutarnykly gol çeker diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG