Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýylda hiç kim jaý toýuny tutmaz


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat günsaýyn gözelleşýär, owadanlaşýar. Bu şäherden mundan on bäş ýyl-ýigrimi ýyl öň gidenler, eger şähere gaýdyp geläýse, hökman: «Bu şäher hakykatdan-da Aşgabatmyka?» diýip, pikir eder.

Myhmanhanalar, gurulýan ýaşaýyş jaýlary göreniň akylyny haýran edýär. Halkyň içinde «elita» diýip atlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan täze bir şäher emele geldi. Ilersi dag etegi, gündogary Ýubileý köçesi hem Moskwa prospektinden gaýdyp, günbatary köne telestudiýanyň köçesi bolan Kurort köçesine çenli aralykda beýikligi on bäş-on alty gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Otaglary örän giň, iki banýasy, iki hajathanasy, giň aşhanasy, çagalar oýnamaga ýeri bolan bu jaýlary, esasan, türk gurluşyk kompaniýalary gurýarlar. Içinde ähli amatlyklary bolan bu jaýlar örän owadan. Olar her kime diňe iş edarasynyň üsti bilen berilýär. Iş ýeri ýarym bahasyny tölände-de ol jaýlar ýüz müň amerikan dollaryna düşýär. Şonuň üçin bu jaýlary diňe ýokary aýlykly hökümet çinownikleri alyp bilýärler.

Ýüz müň amerikan dollary kimde bolup biler?

Türkmenistanda halkyň arasyndaky aýlyklar 100 dollardan 200 dollara çenli. Ministr wezipesinde işleýänleriň aýlyk haklary 700 dollar töwerek. Aýlygyň müň dollar bolanda-da «elita» diýlip gurulýan jaýdan jaý almak üçin on ýyl işlemeli. Şeýle ýagdaýda ol jaýlary edinýänler jaýy nädip alýarlar?

Tebigy gazyň hasabyna gurulýan bu jaýlar aslyýetinde halka mugt paýlanmaly. Ýöne olar satylýar. Häzir jaýlaryň ep-eslisi boş dur. Olar jaýsyz kösenýän şäherlileriň ählisine ýetjek. Şeýle-de bolsa, hökümet ol jaýlary halka bermek islemeýär. Satyn almaga bolsa, halkda pul ýok. Pully kişileriň aljagy ol jaýlardan ýedi arkasyna çenli alyp boldy. Megerem, indi pullularyň-da puly gutaran bolsa gerek. Çyrasyz hem tutusyz äpişgeler jaýlar ol ýerlerde hiç kimiň ýaşamaýanyna güwä geçýär.

Täze ýylyň öň ýanynda öňler jaýsyzlara jaý berlerdi. Indi welin näçe jaý boş dursa-da, Täze ýyl baýramçylygynda halk jaý-da almaz, jaý toýuny-da tutmaz. Birki sany wezipeli kişiniň maşgalasyny görkezip, «Täze jaýa göçüp geldiler» diýip, reklama üçin gepleşikler guralar, ýöne öz şäherinde özi kwartirant ýaşaýan aşgabatlylar welin, «elita» jaýlaryndan jaý alyp, jaý toýuny tutmazlar.

Mugt berilende-de aňsat däl


Ir döwürlerde iýmäge zat tapman ýören, gaty garyp kişä başga bir kişi gedaýçylyk etmegi maslahat berýärmiş. Şonda garyp kişi: « Gedaýçylyk etmäge-de gurp gerek, berlen zatlary salmak üçin torba edinmeli, aýagyňa geýmäge aýakgap almaly» diýipdir.

«Elita» diýlip atlandyrylýan jaýlary mugt bereniňde-de köp “garamaýak” onda ýaşabam bilmeýär. Sebäbi gapy garawuly üçin aýda 500 müň manat tölemeli, garaž üçin ýene şonça. Bir ýylda alty million manady iýmäge tapmaýan maşgalalar Türkmenistanda örän kän.

«Elita» jaýlary gaz bilen ýylamaýar, tok bilen ýylaýar. Nahar bişiriji plitalar hem tok bilen gyzýar. Olarda ýag ýakyp, islän naharyňy bişiribem bolanok. Sebäbi tok haýal barýar.

Ýokarky gatlar sowuk bolýar. Goşmaça peç goýmasaň bolmaýar. Mydama toý, hudaýýoly etmegi gowy görýän türkmenleriň islegine görä däl. Ol ýerlerde ojak goýdurylmaýar, ot ýakdyrylmaýar. Toý-ýas etmek üçin ýörite ýer bar, ol ýer hem sowuk günlerde öte sowuk. Bu jaýlar toýuny-ýasyny naharhanalara nahar zakaz edip sowup duran milletlere amatly bolaýmasa, türkmen üçin asla amatly däl.

Nähili jaýda ýaşalsa ýaşalsyn, çagalar, aýratyn-da türkmen çagalary çagalygyny edýär. «Elita» jaýlarynda haçan görseň, lift işlemeýär. Sebäbi çagalar uzakly gün liftlerde «gezelenç» edip oýnaýarlar. Gapy garawuly olaryň haýsy birini tutsun! Häli-şindi lifti açyp barlap durmaga, megerem hiç kimiň gurby çatmasa gerek.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG