Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli žurnalist “üns berilmeýän” zatlar hakynda


Suzan Glasser Waşingtonda Politkowskaýany ýatlamak çäresinde. 16-njy oktyabr, 2006.
Suzan Glasser Waşingtonda Politkowskaýany ýatlamak çäresinde. 16-njy oktyabr, 2006.

2009-njy ýylda dünýäde ýüz beren möhüm, ýöne köplenç gözden sypdyrylan wakalar we olaryň netijeleri barada Amerikanyň “Foreign Policy” žurnalynyň ýerine ýetiriji redaktory, “Washington Post” gazetiniň Moskwadaky öňki habarçysy Suzan Glasser bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gregory Feifer.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: “Foreign Policy” žurnaly 2009-njy ýylda gözden sypdyrylan 10 makalanyň özenini neşir etdi. Bularyň biri Orsýetiň arktiki Demirgazyk-Gündogar geçelgesi, ýene biri Yrakda gazaply hereketleriň artanlygy baradaky makalalar. Munuň sebäbini düşündiräýseňiz.

Suzan Gasser: Biziň maksadymyz asla berilmedik habarlara däl, berilse-de halkyň ünsüni giňişleýin özüne çekmedik habarlara seretmek. Sebäbi bularyň täsirleri köplenç uly bolýar hem-de uzak wagtlap dowam edýär. Dogrusy, 2009-njy ýylda esasan üns berlen prezident Obamanyň ilkinji ýyly, saglygy goramak ugrunda giden çekişme, Owganystan urşy, saýlawdan soň Eýranda turan bulagaýlyk ýaly habarlar boldy. Bularyň hemmesi 2009-njy ýylyň uly we täze habarlarydygy düşnükli.

Meniň pikirimçe, Demirgazyk-Gündogar geçelgesiniň açylmagy möhüm global hadysa. Onuň öz täsirini ýetirýäni ýeke global maýylganlyk döwründäki global söwda däl. Ol dünýäniň geosyýasatynyň-da görnüşini üýtgedýär. Yrakda ýüz berýän gazaply hereketler-de şeýle. Sanawa girizilen habarlaryň ýene biri atom ýaragy bolan döwletler Hytaý bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlylyk. Bularyň bary dykgat edeniňe degýän wakalar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Nygtalan ýene bir zat, Owganystanda graždan jemgyýetiniň ýol almanlygy. Munuň prezident Obamanyň esgerleriň sanyny artdyrmak baradaky kararyna täsiri barmy?

Suzan Gasser: Iň soňky maksat ýurtda durnuklylygy ornatmak, Owganystanda niýetlenen işini ýerine ýetirýän hökümetiň, graždan jemgyýetiniň bolmagy. Birleşen Ştatlaryň tagallalarynyň Owganystan we Yrakda şowsuzlyga uçran ýeri edil şu. Sebäbi howpsuzlygyň ýok ýerinde berilýän kömek bir boşluga gidýär. Siz bir ýol gursaňyz, bu hem pitneçileriň eline düşse, onda bu pitneçiler üçin ýol gurdugyňyz bolýar. Owganystanda, görşüňiz ýaly, konfliktli zonalara berilýän kömeklerde gabat gelýän taryhy kynçylyk şundan ybarat.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz “Kremliň Galkynyşy” atly kitabyňyzda prezident Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky Orsýetde-de takmynan 10 ýyl mundan ozal Putiniň döwründäki ösüş dinamikasyny suratlandyrýarsyňyz. Agzalýany – kanunyň häkimligi, korrupsiýa garşy göreş diýen ýaly şol oňki zatlar.

Suzan Gasser: Siz Putin bilen Medwedewi agzap, bu iki ors ýolbaşçysynyň arasynda tapawut barmy diýip soramaga hakly. Bularyň arasynda gyzykly meňzeşlikler bar. Siz yza göz aýlasaňyz, Putin prezidentlik wezipesine geleninde, onuň korrupsiýany jylawlamak we kanunyň häkimligi barada aýdan zatlarynda Medwedewiň häzirki çykyşlarynyň arasynda köp meňzeşlikleriň bardygyny görersiňiz. Dmitriý Medwedewiň öten ýyl dilinden düşürmedik zatlary edil şular.

Men Medwedew korrupsiýa garşy, ol kanun häkimligini isleýär diýilýänleri okanymda, gülkim tutýar. Meniň üçin has gyzykly žurnalistik sorag Putin premýer-ministr bolup, Medwdew prezident bolaly bäri geçen şu bir ýyllykda Medwedewiň näme iş edenligi. Göze ilýän kanuny ýä strukturalaýyn özgerişler barmy? Biziň kitapda belleýşimiz ýaly, Putin Orsýetiň fundamental güýç gatnaşyklaryny sistemalaýyn üýtgetdi. Ol kanyny üýtgetdi. Beslanda bolan terrorçylykly hüjümi bahana edinip, tutuş Orsýetde regionlaryň häkimleriniň kanuny saýlawyny ýok etdi. Şeýdip Kremliň erkindäki güýç-gudraty artdyrdy. Biz Medwedewiň bular ýaly işleri edenini entek göremzok.
XS
SM
MD
LG