Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “ Uçardaky waka adamlaryň sistemalaýyn geleňsizliginiň netijesi”


Sişenbe güni agşam prezident Barak Obama ýakynda Birleşen Ştatlara uçup barýan ýolagçy uçarynyň içinde terror hüjümini amala aşyrmak üçin edilen synanyşygy adamlaryň sistemalaýyn geleňsizliginiň netijesi diýip häsiýetlendirdi.

Hususan-da, prezident Obama howpsuzlykdaky çakdanaşa başdansowmalaryň Al-Kaýda bilen baglanyşygy bolan 23 ýaşly negeriýaly raýatyň Birleşen Ştatlara barýan uçara münmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG