Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus tarapy rus nebitiniň Ýewropa akýandygyny aýdýar


Şu gün Belarusyň döwlet nebit firmasy iki ýurduň arasynda çözülmedik nyrh dawasynyň barlygyna garamazdan, rus nebitiniň Belarusyň üstünden Ýewropa Bileleşigine akýandygyny aytdy.

Roýters we Interfaks habar gulluklary bu barada Belneftehimiň sözçüsiniň sözlerini sitirlediler. Belarus hökümeti şenbe güni Orsýeti Belarusa nebit eksport ýetmegiň şertleri bilen baglylykda Moskwany Minskä basyş etmekde günäledi.

2007-nji ýylyň ýanwarynda Moskwa bilen Minskiniň şu hili dawalary esasynda Orsýetden Germaniýa we Polşa barýan ýangyç kesilipdi.
XS
SM
MD
LG