Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dubaýda dünýäniň iň beýik binasy açylýar


Şu gün Birleşen Arap Emirliklerinde dünýäniň iň beýik binasynyň resmi açylyşy bolýar. Beýikligi 800 metrden hem geçýän bu Dubaý minarasy şu wagta çenli adam eli bilen gurlan ähli binadan, şol sanda, Taýwanyň 508 metrlik Taýpeý-101 binasyndan hem kän beýikdir.

Bu bina bäş ýylda guruldy we onuň gurluşygynda aglaba Günorta Aziýadan baran müňlerçe immigrantlar işledi. Dubaý minarasynyň gurluşygynyň 1.5 milliard çemesi dollara düşendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG