Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sürüjilik şahadatnamasyza benzin ýok!


Täze ýylyň alty aýy üçin mugt benzin almaga banklara talon almaga baran käbir sürüjiler lapykeç halda yzlaryna dolanmaly boldular.

Täze çykarylan karara laýyklykda, mugt benzin üçin talon almaga diňe sürüjilik şahadatnamasy bar bolan awtoulag eýeleri degişli edildi.

Şeýle karara gelinmäge esas bolan sebäpler maşyn söwdagärleridir. Daşary ýurtlardan sürlen köne awtoulaglary ýurduň çägine getirýän telekeçiler awtoulaglary ýerleýänçäler, olary tanyş-bilişleriniň, dogan-garyndaşlarynyň atlaryna resmileşdirýärler hem-de alty aý üçin her awtoulaga degişli bolan döwlet tarapyndan berilýän 720 litr benzini jübüsine urýarlar.

Şeýle telekeçileriň öýlerinde awtoulaglaryň 50-den 300-e golaýy hem bolýar. Maşynlaryň köpüsi bolsa olaryň gapylarynda bir ýyla golaý sürülmän ýatýar. Netijede bolsa, awtoulag söwdasyny edýänler her maşyndan täze pulda 500 manada (180 amerikan dolary töweregi) golaý bähbidi görýärler.

Awtoulag söwdasyny edýän telekeçileriň bu mekir hereketleriniň garşysyna tapylan çäre sada raýatlara-da öz zelelini ýetirdi. Sebäbi käbir raýatlaryň awtoulaglary aýalynyň, ejesiniň ýa-da kakasynyň adyna resmileşdirilendi. Resmileşdirilen adamlaryň köpüsinde bolsa, sürüjilik şahadatnamasy ýok.

Şu sebäpden, sada raýatlar, indi gyssagly ýagdaýda awtoulaglary öz atlaryna resmileşdirmäge girişip ugradylar. Bir awtoulagy ol atdan başga bir ada geçirmek üçin awtoulag sürüjileri täze pulda 300 manat tölemeli bolarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG