Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Eýrana garşy “goşmaça çäreleri” amala aşyryp biler


Düýn Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli goşun ýolbaşçysy general Dewid Petreus Eýranyň ýadro programmasy boýunça diplomatik çäreler we sanksiýalar netije bermedik halatynda, Waşingtonda bu ugurda ulanmak üçin «goşmaça çäreleriň» hem bardygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Ýakyň Gündogardaky, Pars aýlagyndaky we Merkezi Aziýadaky goşunlaryna komanduýuşilik edýän general Dewid Petreus düýn bu barada CNN telekanalyna beren interwýusynda belledi.

Emma ol Waşingtonyň «goşmaça çäreleriniň» anyk nämeden ybaratdygy barada gürrüň etmekden welin saklandy. Şeýle hem, ol Eýranyň ýadro nokatlaryna Ysraýylyň hüjüm edip biljekdigi ýa bilmejekdigi barada berlen soraga hem jogap bermek islemedi.
XS
SM
MD
LG