Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň daşary işler ministri Ýemene bardy


Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelläniň aýtmagyna görä, Ýemende zamun alnan Germaniýanyň we Britaniýanyň raýatlarynyň nirede saklanýanlygyny ýemenli ýolbaşçylar bilýärler.

Westerwelle öňden yglan edilmedik sapar bilen şu gün Ýemene baryp, bu ýurduň prezidenti Ali Abdylla Saleh bilen duşuşandan soňra bu pikirini öňe sürdi.

Al-Kaýda toparynyň Ýemendäki bölümi geçen aý ABŞ-a barýan bir uçary weýran etmäge edilen synanşygyň jogapkärçiligini boýun alandan soň, ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlary barada hem ady agzalýan ýolbaşçylaryň pikir alyşmagyna garaşylýar.

Germaniýa Ýemene iň köp ýardam edýän ýurtlardan biridir. Ol 2010-2011-nji ýyllar boýunça Ýemene 114 million dollar kömek etjekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG