Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçilýär


Şu gün Türkmenistanda Gökdepe tragediýasynyň ýyl dönümine gabatlanylyp Hatyra güni bellenilip geçilýär.

1991-nji ýylyň ýanwarynda oppozision «Agzybirlik» Halk Hereketiniň ilkinji gezek Gökdepe galasynyň ýerleşýän ýerinde bu wakanyň hatyrasyna ýörite sadaka çäresini gurnamagy bilen başlanan bu däp, soňra garaşsyzlyk ýyllarynda hem resmi Hatyra güni hökmünde dowam etdirilipdi.

1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda general Skobelewiň ýolbaşçylygynda güýçli ýaraglanan rus goşunlarynyň Gökdepe galasyny basyp almagy bilen baglanyşykly wakada parahat ýaşaýjylaryň köpçülikleýin gyrgynçylyga berilmegi uly tragediýa hökmünde taryhy giripdi.

Şu gün Türkmenistanyň ähli regionlarynda bu wakanyň ýyl dönümine gabatlanylyp sadaka çäreleri geçiriler we aýat-töwürler okalar.
XS
SM
MD
LG