Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haitide bolan ýer titremede onlarça adamyň heläk bolanlygy çak edilýär


Sişenbe güni Haitide bolan we güýji rihter ölçeginde 7 balla barabar bolan ýer titremede onlarça adamyň heläk bolanlygy çak edilýär.

Paýtagt Port-au-Prinsiň töwereginde bolan şol ýer titremede onlarça bina, şol sanda prezidentlik köşgüne we BMG-niň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň Haitidäki merkezi binasyna aşa zyýan ýetipdir.

BMG şol wakadan soňra guramanyň işgärleriniň ençemesiniň, şol sanda ady agzalýan guramanyň bu ýurtdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Hedi Annabiniň ykbaly barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Kanada we Fransiýa bilen bir hatarda Latin Amerikada ýerleşýän ençeme ýurtlar Haita ýardam we ekspertlerini iberjekdigini yglan etdiler.

9 million töweregi ilaty bolan Haiti regiondaky iň garyp ýurtlardan biri bolup, ol Dominikan respublikasy bilen serhetdeşdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG