Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak 500-e golaý kandidaty milli saýlawlara gatnaşmasyz edýär


Yragyň saýlaw resmileri 500-e golaý syýasatçyny we partiýany ýurduň ýetip gelýän milli saýlawlaryna gatnaşmasyz etdi.

Garaşsyz Ýokary saýlaw komissiýasynyň uly resmisi Hamdia Husseýni bäsleşige goýberilmedik kandidatlaryň adalat hem integrasiýa komitetiniň kanuny esasynda gadagan edilendigini aýtdy.

Ol bäsleşige goýberilmedik kandidatlaryň ýa partiýalaryň Yragyň öňki lideri Saddam Huseýiniň Baas partiýasy bilen ilteşigi üçin gyrakladylanyny aýtmady. Emma yrak kanuny Saddama wepaly syýasatçylaryň saýlawlara gatnaşamagyny gadagan edýär.
XS
SM
MD
LG