Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl bilen Türkiýe gepleşik geçirýär


Ýekşenbe güni Türkiýä baran Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bilen gepleşik geçirdi. Şeýle-de ol şu gün ýurduň goranmak ministri Weçdi Gonul bilenem duşuşar diýlip garaşylýar.

Ysraýylyň döwlet radiosy bu sapardaky gepleşiklerde esasan Ysraýylyň Türkiýä ýarag satmak meselesi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berýär.

Ehud Baragyň Türkiýä edýän bu sapary Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda ýüze çykan soňky dawalardan bäri ilkinji gezek ysraýyl resmisiniň Türkiýä gurnan ýokary derejeli sapary hökmünde alamatlandy.

Dogry bir ýyl mundan ozal Palestinanyň Gaza Sektorynda Ysraýylyň geçiren harby hereketlerini Türkiýäniň premýer-ministriniň berk ýazgaryp çykyş etmeginden soň, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda belli bir dartgynlylyk döräpdi.
XS
SM
MD
LG