Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň bergisi ýewrony kyn ýagdaýda goýýar


Grek premýer-ministri George Papandreou.
Grek premýer-ministri George Papandreou.

Gresiýanyň bergi we defisit krizisiniň 16 ýurduň umumy puly bolan ýewro salýan agramy gitdigiçe artýar. Media indi bu ýurduň hetden aşan býujet defisitini 1999-njy ýylda ýewro dolanyşyga gireli bäri dörän krizisleriň iň ýaramazy diýip atlandyrýar.

Ýewropanyň Merkezi Bankynyň başlyklary bu meselä garamak üçin öten penşenbe güni Germaniýanyň Frankfurt şäherine ýygnandylar. Bu bankyň prezidenti Jean-Claude Trichet: “Gresiýa we ykdysady taýdan gowşak beýleki ýurtlar maliýe problemalary sebäpli ýewro zonasyndan çykaryljakmyş diýen gürrüňler gury çaklamalar” diýdi.

“Edilmeli gaty kyn işleriň bardygy aýdylýar. Gerekli çäreleriň, maliýe syýasatyna degişli gerekli çäreleriň zerurdygyny dolandyryjy geňeşiň nädereje nygtanlygyny gördüňiz. Esasy zat şol. Ähli ýurtlar üçin esasy zat şol. Biz muny ýewro zonasynyň ähli agzalaryna aýdýarys. Bu aýratyn-da kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup duran käbir ýurtlar üçin aşa ähmiýetli. Bu olaryň öz abadançylygy, ýagdaýa laýyk, batyrgaý çäreler girizmegi üçin gerekli” diýip, Trichet sözüniň üstüne goşdy.

Londonda ýerleşýän ”Ýewropa reformasy baradaky merkeziň” baş ykdysadyýetçisi Simon Tilfordyň pikiriçe, ýewro zonasyna häzir uly agram salýan Gresiýanyň ýagdaýy: “Olar, bir tarapdan, Gresiýanyň başa barmajak syýasaty dowam etdirmegine ýol berip bilenoklar. Bir tarapdan-da, grek hökümetine köp gysyş görkezip bilenoklar. Sebäbi grek hökümetiniň edip biljek işi köp däl. Ol ýerde häzir-de sosial durnuksyzlyk höküm sürýär”.

Kömek etmeli bolarmy?

Ýewro zonasynyň beýleki agzalarynyň arasynda Gresiýa kömek etmeli bolar diýen gorky bar. Grek hökümeti bergisiniň tutuş içerki önümiň 12,5 prosentine barabardygyny boýun aldy. Bu hem öňki hökümetiň 2009-njy ýylyň başlarynda statistikada resmi taýdan çaklanyndan üç esseden hem ýokary.

Ýewro zonasyna degişli ýurtlardan býujet defisitiniň tutuş içeri önümiň üç prosentinden ýokary bolmazlygy talap edilýär. Şol sebäpden grek premýer-ministri George Papandreou öten penşenbe güni 2012-nji ýyla çenli defisiti aşakladyp, üç prosent çägine getirmek üçin bir täze ykdysady plan taýýarlandygyny bildirdi.

Öz aýtmagyna görä, ol bu iş üçin ne Ýewropa Bileleşiginden, ne-de Halkara pul fondundan maliýe kömegini almakçy. Bu mümkinçilikleriň ikisi-de Gresiýanyň abraýy üçin gowy däl. Sebäbi bu onuň daşardan kömek bolmasa, öz problemalaryny özi çözmäge ukypsyzlygynyň alamaty bolýar.

Papandreounyň plany döwlet çykdajylarynyň aşa çäklendirilmegini talap edýär. Şol sebäpden ykdysadyýetçiler bu planyň ýol aljagyna ynananoklar.

“Men Gresiýanyň defisitini, olaryň çak edişi ýaly, beýle çalt aşakladyp bolar öýdemok. Ýurduň ykdysadyýeti öser diýen umyt uly däl. Olaryň eksportyna bolan talap gaty gowşak. Sebäbi, bir tarapdan, ýewro zonasynda olar bäsdeşlige ukyply däl, bir tarapdan-da, ýewro güýçli. Şol sebäpden olaryň eksporty ýewro zonasynyň içinde hem daşynda güýçli bolmaz. Döwlet edýän çykdajylaryny çäklendirse hem alynýan aýlyklar aşaklap, halk satyn aljak zatlaryny alyp bilmez” diýip, Tilford belleýar.
XS
SM
MD
LG