Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda prokuroryň janyna kast edildi


Eýranyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Eýranyň Günbatar Azerbeýjan welaýatyna degişli we ilat sany 180 müň töweregi bolan Hoý şäherçesiniň prokurory atylyp öldürildi.

IRNA habar agentliginiň howpsuzlyk güýçleriniň ýolbaşçylaryna salgylanyp beren maglumatynda, ady agzalýan ýolbaşçy Wali Haji Golizadanyň düýn giçlik öýüniň öňünde atylyp öldürilenligi aýdylýar.

Günbatar Eýranyň ýaşaýjylarynyň köpüsi azeri we kürtlerden ybaratdyr.

Bu waka Tähranda bir uniwersitet mugallymynyň öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG