Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýrany «ynsanýete garşy jenaýat etmekde» aýyplady


Şu gün media azatlygyny goraýan halkara Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýranyň hökümetiniň žurnalistlere gazaply daraýandygyny belläp, bu ýurduň hökümetini «ynsanýete garşy jenaýat etmekde» aýyplady.

Bu barada ýaýradan beýanatynda Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýranda žurnalistleriň hiç hili kanuny esassyz, eden-etdilikli tussag edilmekleriniň dowam etmegini berk ýazgarypdyr.

Şeýle hem bu gurama öz ýaýradan beýanatynda tussag edilenleriň habar-hatyrsyz ýagdaýda saklanmaklaryny adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi bilen deňäp, muny-da ynsanýete garşy jenaýatçylyk hökmünde häsiýetlendiripdir.

Serhetsiz reportýorlar guramasy Eýrandaky bu ýagdaýlaryň halkara kanunçylygyny bozmakdygyny belläp, dünýä ýurtlarynyň hökümetlerini bu meselede Tährana garşy berk seslenmeklige çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG