Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: “ABŞ-nyň tankytlary gatnaşyklara ýaramaz täsir eder”


Hytaýyň häkimiýetleri bu ýurtdaky internetden peýdalanmak azatlygy barada Birleşen Ştatlaryň edýän tankytlarynyň bu iki ýurduň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton internet azatlygy bilen bagly eden çykyşynda ýakynda «Google» kompaniýasynyň Hytaýdaky internet adreslerine bikanun hüjüm edilýändigi barada bildiren aýyplamalaryna salgylanmak bilen, bu ugurda Hytaýyň häkimiýetlerini düýpli derňewleri geçirmeklige çagyrdy.

Şeýle hem, ol Hytaýyň häkimiýetleriniň bu ugurdaky geçirjek derňewleriniň jemgyýetçilik üçin açyk bolmalydygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG