Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow şu gün Belarusa bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Belarusa bardy.

Ol bu saparynyň dowamynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bir hatarda beýleki Belarus ýolbaşçylary bilen duşuşýar.

Bu duşuşyklaryň dowamynda ýolbaşçylaryň özara bähbitli meseleler barada gepleşikler geçirmegine we bu ugurda dürli ylalaşyklara gol goýmaklaryna garaşylýar.

Günbatar guramalary tarapyndan ady agzalýan bu iki ýurt hem demokratik gymmatlyklar babatda erkin bolmadyk döwletler diýlip hasaplanýar.

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän “Azatlyk Öýi” ýagny “Freedom House” guramasy ýakynda ýaýradan hasabatynda Türkmenistany 198 ýurduň arasynda 194-nji we Belarusy 188-nji orunda ýerleşdiripdi.

Şeýle-de ykdysady erkinlik barada “Heritage Foundation” we “Wall Street Journal” gazeti tarapyndan ýakynda ýaýradylan hasabatda hem bu iki ýurt erkin bolmadyk döwletleriň hataryna goşulypdy.
XS
SM
MD
LG