Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde Türkmenistan boýunça ýörite duşuşyklar gurnalýar


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryndan bir topary prezident Berdimuhamedowyň Fransiýa saparynyň öňýany Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, Parižde ýörite duşuşyklary gurnaýarlar.

Ynsan hukuklary baradaky Halkara Federasiýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Aleksandra Kulaýewa özleriniň Parižde geçirýän bu çäreleriniň maksadyny şeýle düşündirdi: «Biz Fransiýanyň häkimiýetlerini Türkmenistanyň prezidenti bilen geçirjek gepleşiklerinde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky meseläni hem galdyrmaklyga çagyryp, ýüz tutmaklygy karar etdik».

Aleksandra Kulaýewanyň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ykdysady partnýorlyk hyzmatdaşlygy baradaky proýektiniň kabul edilmegi üçin bu proýekti Bileleşigiň hemme agza ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem tassyklamaly.

Kulaýewa bu meselede Fransiýanyň häkimiýetleriniň ynsan hukuklary babatda Türkmenistanyň öňünde anyk şertleri goýmalydyklaryny belledi.

Ertir ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň bir topary şu meselä bagyşlap Parižde ýörite metbugat konferensiýasyny hem gurnarlar.
XS
SM
MD
LG