Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sereberenika wakasy boýunça sud diňlenşigi başlandy


1995-nji ýylda Serebrenikada bolan gyrgynçylykdan aman galan adamlaryň BMG-ni we Daniýanyň hökümetini suda bermäge hukugunyň bolup bolmanlygy barada karara gelmek üçin Gagada şu gün sud diňlenşigi başlandy.

Şol diňlenşikde esasanam şu mahal BMG we Daniýanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen karara garalar.

1995-nji ýylda serbler Sereberenika çozanda ady agzalýan region BMG niň düzüminde Daniýanyň harbylarynyň goragy astyndady.

Serbler tarapyndan edilen şol hüjümde azyndan 8000 töweregi musulman heläk bolupdy.

Özlerini Sereberenika wakasyndan halas bolanlaryň eneleri diýip tanadýan topar BMG we Daniýanyň hökümetini şol wakanyň bolmagynyň öňüni almagy başarmanlykda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG