Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistandaky “Talyban” Mehsudyň ölümini ýalana çykarýar


Päkistandaky “Talyban” hereketi öz lideri Hekimulla Mehsudyň ölümi barada döwlet telewideniýesinde berlen informasiýany ýalana çykardy.

“Amerikan howa hüjümleri wagty alan ýarasyndan Meshudyň ölendigi, onuň jaýlanandygy baradaky habarlar düýbünden ýalan”-diýip, “Talyban” hereketiniň wekili “Roýters” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Meshudyň ölümi barasynda garaşsyz çeşmelerdenem tassyklama ýok. Bu maglumatyň derňeljekdiginii Päkistan armiýasynyň wekilleri aýdýarlar.

Meshudyň ýolbaşçylyk edýän hereketi “Al-Kaýyda” bilen baglanyşykly bolup, soňky aýlar Päkistanda bolan ençeme partlamalaryň we hüjümleriň jogapkärçiligini ol öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG