Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peýda getirjek gurluşyklar gerek!


Daşoguz welaýatynyň merkezinde, welaýatyň şäherdir etrap merkezlerinde soňky üç ýylda onlarça täze binalar peýda boldy.

Gurlup ulanmaga berlen we henizem gurluşygy dowam edýän täze ymaratlaryň käbirleri adamlary begendirmän duranok. Sebäbi ol desgalar işe girizilip, ulanmaga berlen halatynda welaýatda ýiti duýulýan işsizlik, ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi, garyplyk, ýeter-ýetmezçilik ýaly problemalaryň kem-kemden çözülmegine, soňy bilen bolsa doly aradan aýrylmagyna mümkinçilik döreder.

Welaýat merkeziniň ýaşaýjylary şäheriň Görogly prospektiniň ugrunda bina edilýän dört-bäş gatly ýaşaýyş jaýlary, şäheriň gündogar çetinde gurulýan arassa agyz suw zawodyny, «Nowruz» mikroraýonda bina edilýän täze mekdebi we çagalar bagyny görenlerinde, begençlerinden iki bolup bilenoklar. Sebäbi şol ýaşaýyş jaýlar köp adamlary jaýly edip biler, suw zawody arassa agyz suwy bilen üpjün eder. Netijede, giň ýaýran iç-geçme, sarygetirme ýaly ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam eder.

Begendirýän gurluşyklaryň ýene biri welaýat merkezinden aeroporta gidýän ýoluň ugrunda gurulýan egirme fabrigidir. Bu kärhana zenanlaryň ýüzlerçesini iş bilen üpjün eder.

Işsizlik welaýatymyzda ýiti duran meseleleriň biri. Şular ýaly egirme-dokma fabrikler, ýüňdür mal derisini gaýtadan işleýän kärhanalar, umuman, şunuň ýaly desgalar köpräk gurluberse, adamlaryň durmuşy gowulaşar.

Möhüm däl proýektler

Emma häzir gurulýan we ýakynda ulanmaga beriljek binalaryň arasynda ilata peýda getirjek, ýiti sosial problemalary aradan aýyrjak binalar juda ujypsyz, olary sanamak üçin bir eliň barmaklary hem artykmaçlyk edýär.

Ile peýda bermejek binalaryň biri Görogly prospektiniň ugrunda gurulýan Ruhyýet köşgidir. Bu äpet bina Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi boýunça galdyrylyp başlanypdy. 4-5 ýyldan bir gezek Türkmenistanyň Halk Maslahatyny şol jaýda geçirmek göz öňünde tutulypdy. Indi Niýazowam ýok, Halk Maslahatam. Emma muňa seretmezden gurluşyk tamamlaýjy tapgyryna ýetip barýar.

Daşoguzlylaryň özleriniň aýtmaklaryna görä, Ruhyýet köşgüne harçlanan pula ýüzlerçe maşgalany ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edip bolardy, ýüzlerçe işsiz adama iş orunlaryny doredip bolardy. Emma ýönekeý bolmadyk, çözgüde mätäç bu meselelere ne welaýatyň ketdeleri, ne-de paýtagtda oturanlar üns berýär.

Öňem, häzirem gurluşyklar oýlanyşyksyz, ykdysady ýa-da sosial taýdan seljermezden alnyp barylýar. Muňa welaýat merkezinde gurulýan 10 müň orunlyk täze stadiony, bahasy onlarça million dollar bolan ippodromy, we şuňa meňzeş zerurlygy bolmadyk binalary mysal getirip bolar.

Şäheriň «Garaşsyzlyk» stadiony hemişe boş dur, onuň golaýyndaky meýdançany diňe güýzde edara-kärhanalaryň işgärlerini pagta ugradanda ulanýarlar. Beýleki wagtlarda bolsa stadionyň özi hem, onuň töweregindäki meýdançalar hem boşlugyna galýar. Şeýle bolansoň ýene-de bir 10 müň orunlyk stadion gurmak kimiň «akylly» kellesine geldikä?

“Gerek, ýöne häzir däl”

Elbetde, stadionam, ippodromam halkyň medeni dynç almagyny üpjün etmekde, saglygyny dikeltmekde gerek. Ýöne olaryň häzirlikçe zerurlgy ýok, çünki işsiz, hal-ýagdaýy pes adamlar stadiona-da barmaz, ippodroma-da!

Ilaty täze iş orunlar bilen üpjün edip biljek, ýerli çig mallary gaýtadan işläp biljek, welaýatyň ykdysady we sosial ösüşine saldamly goşant goşup biljek kärhanalar gurulsa gowy bolardy.

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG