Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran urany daşary ýurtda baýlaşdyrmaga taýýar


Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň teklip edişi ýaly öz ýurdunyň urany baýlaşdyrmak üçin ony daşary ýurda ugratmaga taýýardygyny, düýn Eýranyň prezidenti Ahmedinejat aýtdy.

Şu wagta çenli halkara planlaryny ret edip gelen Eýran ýolbaşçylarynyň bu beýannamasy şeýle mazmunly ilkinji beýannamadyr.

Ýöne Eýranyň öz uranynyň näçe möçberini baýlaşdyrmak üçin daşary ýurda ugratjagy näbelli bolup galýar. Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň planyna görä, ol 70% bolmaly.

Baýlaşdyrylan uran atom reaktorlarynda ulanylýar. Halkara jemgyýetçiligi harby maksatlar üçin ulanmaz ýaly Eýranyň ýadro işläp taýýarlamasyny gözegçilikde saklamak isleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG