Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko: “Saýlawlar adalatly geçirilmese proteste cagyryş etjek”


Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry adalatly geçirilmese, öz tarapdarlaryny proteste çagyrjakdygyny yglan etdi.

Kiýewde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda, Ýuliýa Timoşenko saýlawlar baradaky kanuna girizilen üýtgetmelere prezident Ýuşenkonyň gol çekmegine garşy çykyş etdi. Bu kanun düýn Ukrain parlamentinde kabul edildi.

Täze kanuna laýyklykda, saýlaw komissiýalarynyň agzalarynyň ýarysy bolan halatynda hem olar öz işini dowam edip bilýarler.

Öňki kanunda saýlaw kommisiýalarynyň agzalarynyň üçden iki bölegi bolmasa, olar öz işini togtatmaly diýlip, ýazylypdy.
XS
SM
MD
LG