Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin rak keselliler köpelýär?


Bu günler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän onkologiýa keselleriniň keselhanasyna baran her bir näsag, näsagyň ýany bilen baran hossarlar bu keselhananyň gapysyna üýşen märäkäni görüp içini çekýär.

Şeýle bolmazça-da däl. Bu keselhana üýşen adamlar kiçiräk bir bazary ýada salýar. «Mundan üç-dört ýyl öňem beýle däldi. Rak keseli örän köpelýär» diýşip, üýşüp duranlar biri-biri bilen pikir alyşýarlar.

Öňler, «rak keseli bilen keselläpdir» diýen söz gaty seýrek eşidilerdi. Bu günki gün bolsa rak keselleriniň keselhanasynda türkmenistanlylara diňe analiz tabşyryp görmek üçin nobat ýetenok. Adam şeýle köp. Ýatyp, bejerilmäge gelmek üçin bir aýlap nobata durmaly. Halys bagty çüwen bolaýmasa, ol möhlete çenli kä bir adamlar eýýäm özüni keseliň eline berip, dünýe bilen hoşlaşyp ugraýar.

«Keselhananyň ýolbaşçylarynyň iň ulusyny görenimizde, analiz tabşyrmak üçin bäş günden soň nobatymyz ýetdi» diýip, näsaglaryň biriniň hossary gaharlanýar.

Gaýgy-gussa keseli

Aslynda rak keseline gaýgy-gussanyň keseli diýýärler. Şu diýlenler bilen ylalaşasyň gelýär. Halka hossar bolýan adam ýok. Oňa ne jaý berilýär, ne mellek, ne iş, ne aýlyk, ne çagasyna okar ýaly okuw, ne bir şatlanar ýaly ýaşaýyş. Adamlar gaýgy-gussanyň içinde, şol ylgaşyp ýörler.

Kimler çagasyny niredir bir ýerlere okuwa ýerleşdirmek üçin gaýgyda, kimler goşun gullugyndan maýyp bolup gelýän ogluň gussasynda, kimler türmä giden ogullaryň yzyndan gözi ýaşly ylgaýa, kimler neşekeş är-ogul bilen erjeşip, ömrüni kül edýär, kimler bir million manat aýlyga çagalaryna çörek iýdirjeginem bilmän, eşik geýdirjeginem bilmän, gaýgy-gussada, şol bir million manada nädip tünek edinip bolar diýen gaýgy bilen daňlaryny gussaly atyrýarlar.

Gaýgy-gussa adamyň ýüregini iýýär, beýnisini zaýalaýar. Hemme kesel gahardan-gussadan başlanýar. Rak keseliniň köpelmeginiň, elbetde, medisina taýdan-da öz düşündirilişi bardyr, ýöne Türkmenistanda rak keselleriniň birden beýle derejede köpelmeginde durmuş ýetmezçilikleriniň täsiriniň bardygyna ynanasyň gelýär.

Aýratyn-da, Türkmenistanda ragyň gyzylödekde, agyz boşlugynda we bokurdakda döreýän görnüşlerinden ejir çekýän köp. Şordan hem gurçuk köpelmesinden zaýalanan ýerlerde her edip-hesip edip ekin ýetişdirmek üçin guýulýan çem gelen himikatlar siňen iýmitleriň iýilmeginiň hem dürli keselleriň köpelmegine täsiriniň ýetýän bolmagy mümkin.

Türkmenistanda rak keselleriniň birden beýle köpelmegine spesialistler näme diýerkä?!

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli
.
XS
SM
MD
LG