Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuşenko prezident saýlawlary baradaky kanuna üýtgetmelere gol çekdi


Prezident saýlawlaryna üç gün galanda, Ýokary Rada tarapyndan kabul edilen, prezident saýlawlary baradaky kanuna üýtgetmelere Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko gol çekdi. Ol güýje girýär.

Prezidentlige kandidat, premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary kanuna üýtgetmeler girizmäge garşy çykyş etdiler.

Kiýewde bolan metbugat konferensiýada Timoşenko saýlawlar adalatly geçmese, tarapdarlaryny köpçülikleýin protest aksiýalara çagyrjakdygyny aýtdy.

Öňki kanunda saýlaw komissýaisynyň agzalarynyň üçden iki bölegi ýygnanan wagty ol işläp bilýär diýlen bolsa, täze üýtgetme komissýanyň ýarsynyň işläp bilmegine rugsat berýär.

Şeýle üýtgetmäniň girizilmegini Timoşenkonyň saýlawlarda bäsdeşi Wiktor Ýanukowiç gazandy.
XS
SM
MD
LG