Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Ýanukowiç özüniň ýeňiş gazanandygyny aýdýar


Düýn Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen,Wiktor Ýanukowiç özüniň ýeňiş gazanandygyny yglan edip, çykyş etdi. Ýöne ýurduň Merkezi Saýlaw komissiýasy heniz bu saýlawlaryň gutarnykly netijesini yglan etmedi.

Edil häzirki wagta çenli berlen sesleriň 50 prosentden sähel gowragynyň sanalandygy habar berilýär. Merkezi Saýlaw komissiýasy şol sanalan sesleriň 49.6 prosentiniň Wiktor Ýanukowiçe, 44.7 prosentiniň bolsa Ýuliýa Timoşenko berlendigini mälim etdi.

Wiktor Ýanukowiç bilen Ýuliýa Tomoşenkonyň özara bäsleşemeginde geçirilen bu ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynyň gutarnykly netijesi Ukrainanyň Orsýet hem-de Günbatar bilen gatnaşyklarynda möhüm rol oýnar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG