Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan Täjigistana iberýän gazyny kesýär


Täjigistanyň döwlet gaz kompaniýasy Özbegistanyň garaşylmadyk ýerden Täžigistana iberýän gazyny ýarpy azaldandygyny aýdýar.

AFA habar gullugy şu gün adyny aýtmadyk täjik resmisine salgylanyp, Daşkendiň Duşanbe iberýän gazyny ýarpy azaldandygyny ýazdy. Netijede, sagatda iberilýän tebigy gazyň mukdary 28 müň kub metrden 15 müň kub metre çenli azalypdyr.

Bu habar bilen bagly özbek tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmedi. “Täjktransgaz” kompaniýasynyň adyny aýtmadyk sözçüsi gaz kesilmesiniň sebäbiniň belli däldigini aýdypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG