Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain saýlawlarynda Ýanukowiç öňde barýar


Ukrainanyň prezident saýlawlarynda berlen sesleriň sanalmagy dowam edýär. Häzirki netijeler oppozisiýa lideri Wiktor Ýanukowiçiň öz bäsdeşinden 2 %-den gowrak öňe saýlanandygyny görkezýär.

Merkezi saýlaw komissiýasy sesleriň 95%-niň sanalandygyny, Ýanukowiçiň 48.23%, premýer ministr Ýuliýa Timoşenkonyň bolsa 46.16% ses alandygyny aýtdy.

Ýöne saýlaw komissiýasynyň başlygy ses berişligiň doly netijesiniň Krymdan we Luhansk şäherilerinden berlen sesler gelenden soň belli boljagyny aýtdy. Bu ýerleriň ikisiniň ilaty hem Ýanukowiçi goldaýar.
XS
SM
MD
LG