Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko ýörite beýannama bilen çykyş eder


Ukrainada geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlaryndan soň, şu gün Ýuliýa Timoşenko bu saýlawlaryň netijesi bilen baglanyşykly ilkinji gezek ýörite beýannama bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Hepdäniň ýekşenbe güni Ýuliýa Timoşenko bilen Wiktor Ýanukowiçiň özara bäsleşmeginde geçirilen bu prezidentlik saýlawlarynda berlen sesler häzirki wagt tas doly diýen ýaly sanaldy.

Ses sanawlarynyň deslapky netijeleri Wiktor Ýanukowiçiň Ýuliýa Timoşenkodan ep-esli artyk ses gazanandygyny görkezýär.

Saýlawlara gözegçilik eden ÝHHG düýn öz beýanatynda Ukrainada geçirilen bu saýlawlaryň demokratik prinsipler esasynda geçendigini we indi häkimiýetiň parahatçylykly ýol bilen çalşyrylmalydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG