Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana garşy halkara sanksiýasyny kabul etmek ugrunda täze tagallalar görülýär


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýrana garşy halkara sanksiýasyny kabul etmek ugrunda täze tagallalaryň görülýändigini aýtdy.

Ol geljek birnäçe hepdäniň içinde bu tagallalar netije berer diýip garaşýandygyny hem mälim etdi.

Edil bu wakanyň öňýany Eýran özündäki bar bolan urany 20 prosent baýlaşdyrmak işine girişendigini yglan edipdi.

Ekspertler Eýrandaky bu çärä ýadro ýaragyny öndürmek üçin zerur bolan ilkinji ädimiň ädilmesi hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG