Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada awtoritar syýasat täzeden direlermi?


Ukrainada ýekşenbe güni geçen ses berişlikde Orsýetiň tarapdary Ýanukowiçiň ýeňiş gazanmagy diňe bir ”Mämişi rewolýusiýanyň” däl, eýse Gürjüstany, Gyrgyzystany we Moldowany hem gurşap alan demokratik tolkunyň indi ýatyşandygyny aňladýarmykan?

Bu ors täsiriniň, onuň bilen tirkeşip gelýän awtoritar syýasatyň täzeden direlmegimikän?

Regiondäki syýasatçylar, synçylar we analizçiler “ýok beýle däl” diýýärler.

Orsýetiň oppozision ýolbaşçysy Boris Nemtsowyň pikiriçe, möhümi saýlaw netijesi däl-de, oňa öňki Sowet giňişliginde geçen iň arassa saýlaw diýlip, baha berilmegi: “Ukrainada saýlaw sistemasynyň beýle oňat işlemegine biziň gözümiz gidýär. Olaryň söz erkinligine biziň gözümiz gidýär. Putin-stilli galplaşdyrmalardan sap bäsleşikli saýlawlaryna gözümiz gidýär. Bu ukrainanyň gazanan uly üstünligi. Bu ”Mämişi rewolýusiýanyň” netijesi. Ony hiç kim ýütgedip bilmez”.

“Bu saýlaw netijesi bilen Ukraina hakyky plýuralizmi ornadyp, Orsýetde, Belarusda bolşy ýaly, häkimiýetiň sanlyja adamyň elinde bolmagyndan dyndy” diýip, minskli syýasy analizçi Andreý Federau belleýär.

Leýla Alyýywa Bakuwda ýerleşýän Milli we Halkara barlaglary merkeziniň direktory. Ol: “Ýekşenbe güni geçen saýlaw bilen Ukraina arassa saýlaw geçirmäge özüniň ukyplydygyny görkezdi” diýýär.

“Ýanukowiç üýtgedip bilmez”


“Ukrainada indi bu prosesi tersine öwürmek aňsat bolmaz. Geçen 20 ýyl, bu geçiş döwri boş geçmedi. Bu demokratik döwlet institutlarynyň berk ornandygyny görkezýär. Sowet Soýuzyndan soň dörän döwletlerden tapawutlylykda Ukrainada graždan erkinliklerinde yza gaýtma bolmady. Indi ony yza gaýtarmak gaty kyn bolar. Rewolýusiýanyň gazananlaryny Ýanukowiç üýtgedip bilmez” diýip, Alyýewa aýdýar.

Sowet Soýuzynyň ýerinde dörän beýleki ýurtlarda-da Ukrainanyň göreldesine eýerilermikän? Bu goňşy Belarusda demokratiýanyň tarapdarlaryny awtoritar prezident Lukaşenkonyň režimine garşy alyp barýan göreşini dowam etdirmäge höweslendirermikän? Ermenistanda seslenme döredermikän?

Stewen Pifer Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky öňki ilçisi: “Biz Ukrainada 7-nji fewralda, 17-nji ýanwarda bolan zatlaryň bir ülňi bolup hyzmat etmegini isleýäris. Biziň Sowet Soýuzyndan soň dörän döwletlerde giňden ýaýramagyny isleýänimiz şular ýaly demokratiýa” diýýär.

Synçylaryň käbiri indi Ukrainanyň daşary syýasatynda Moskwa tarap golaýlama bolar diýýär. Ýöne bu pikir bilen hemmeler ylalaşanok. Pifer muny şeýle düşündirýär: “Indi Ukrainanyň alyp barýan ugry üýtgäp, Moskwa tarap gönüger diýýän orslaryň tamasy çykmasa gerek. Iki ýurt arasynda dartgynlylyk köp bolmaz. Ýöne Ukrain elitasynyň hem ilatyň köplügi Ukrainanyň Ýewropanyň bir bölegi bolmagyny isleýär”.
XS
SM
MD
LG