Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý sudýalary ölüm jezasyny azaltmaga çagyrýar


Hytaýyň Ýokary sudy sudýalary «iň agyr jenaýatlarda» günäli bilnen tussaglara ölüm jezasyny bermegi çäklendirmäge çagyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki Sinhua habar gullugy suduň ölüm jezasynyň berilmegi bilen bagly görkezme çap edendigini we bu jezanyň diňe «hakyky we ýeterlik subutnama» bolan halatynda berilmelidigini aýdýar.

Hytaýda jenaýatyň 60-dan gowrak görnüşi üçin ölüm jezasy berilýär. Muňa kezzaprlyk, parahorluk we neşe söwdasy ýaly kanun bozmalar hem girýär.

Halkara Günä geçiş guramasy 2008-nji ýylda dünýä boýunça jezalandyrylyp öldürilen 2400 adamyň 1700-den gowragynyň Hytaýda öldürilendigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG