Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nemes ätiýaçlandyryş kompaniýasy Eýrandaky işlerini togtatdy


Şu gün düýbi Germaniýada ýerleşýän dünýäde iň bir uly ätiýaçlandyryş kompaniýalaryndan biri «Mýunik Re» kompaniýasy özüniň Eýrandaky işlerini togtadýandygyny mälim etdi.

Germaniýanyň bu ätiýaçlandyryş kompaniýasy özüniň bu kararynyň Eýrandaky syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Geçen aý Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasy hem şu 2010-njy ýylyň ortasynda Eýran bilen biznes işlerini togtatjakdygyny yglan edipdi.

Germaniýa Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen gepleşik alyp barýan alty sany uly dünýä döwletlerinden biri bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG