Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pul ýuwulýan ýurtlaryň sanawynda galdyryldy


Türkmenistan pul ýuwulýan ýurtlaryň gara sanawynda galdyryldy.

Pul ýuwmaga we terrorçylary maliýeleşdirmäge garşy göreş boýunça döwletara guramasy (The Financial Action Task Force - FATF) dünýä maliýe sistemasyna we halkara howpsuzlygyna wehim salýan ýurtlaryň 8 ýurtdan ybarat sanawyny çap etdi.

Bu guramanyň 18-nji fewralda Abu-Dabide geçiren ýygnagynda gelnen karara görä, Eýran, Pakistan we ýene alty ýurt pul ýuwmak hem terror toparlaryna kömek bermek bilen ilteşikli hasaplanýar.

Pul ýuwulýan ýurtlaryň gara sanawynda Türkmenistan bilen bile Angola, Ekwador, Efiopiýa, Demirgazyk Koreýa hem bar.
XS
SM
MD
LG