Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar Karzaýyň gepleşik geçirmek baradaky çagyryşlaryny ret etdiler


Şu gün Owganystandaky talyp söweşijileri ýene nobatdaky gezek prezident Hamid Karzaýyň parahatçylykly gepleşik geçirmek baradaky çagyryşlaryny ret etdiler.

Talyplaryň sözçüsi Kary Muhammad Ýusuf bu barada ýaýradan beýanatynda prezident Karzaýy halkyň ýa-da hökumetin adyndan çykyş edip bilmejek «oýunjak» hökmünde häsiýetlendiripdir.

Şu ýylyň ýanwarynda Owganystan meselesine bagyşlanylyp Londonda geçirilen halkara konferensiýasynda donor döwletler Hamyd Karzaýyň talyplar bilen parahatçylyk meselesi boýunça gepleşik geçirmek planlaryny goldapdylar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, geçen hepde Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda talyp söweşijilerine garşy giň gerimde harby operasiýalar ýola goýuldy.
XS
SM
MD
LG