Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

23-nji fewraly türkmenlerem belleýärler


Sowet terbiýesini alan Türkmenistanyň raýatlarynyň köpüsi 23-nji fewral gününe henizem baýramçylyk hökmünde garaýarlar. Edil uly şowhun bilen bellenilmese-de, şol gün zenanlar özleriniň ýanýoldaşlaryna, şeýle hem işdeş ýoldaşlaryna dürli-dürli sowgatjyk edýärler.

Aslynda 23-nji fewralda bellenilýän bu baýramçylyk öz gözbaşyny 1918-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylyň 23-nji fewralynda Gyzyl goşunyň otrýadlary Pskowyň hem-de Narwanyň eteginde Germaniýanyň goşunlaryndan üstün çykýarlar. Bu ýeňiş Gyzyl goşunyň ilkinji ýeňşi bolýar. Şol gün hem Gyzyl goşunyň dörän güni diýlip hasaplanylýar.

1922-nji ýyldan bu sene resmi taýdan Gyzyl Goşunyň Güni diýlip yglan edilýär. Soňy bilen 23-nji fewral güni Sowet Goşunynyň hem-de Harby-Deňiz Flotunyň güni diýlip, ol tutuş SSSR-iň çäginde ählihalk baýramçylygy hökmünde bellenilip başlanýar. Emma Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen bu baýramçylygyň ady Watan goragçylarynyň güni diýlip çalşyrylýar. Özi hem 23-nji fewral güni indi resmi ýagdaýda diňe Russiýa Federasiýasynyň çäginde bellenilýär.

27 ýanwarmy ýa-da 23-nji fewral

Edil Russiýa Federasiýasynda bellenilýän bu baýramyň analogy her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda hem resmi ýagdaýda bellenilýär. Ýöne muňa garamazdan, ilat köpçüligi bu senä kän bir pitiwa bermeýär. Sebäbi 27-nji ýanwarda Türkmenistanda baýram edilýän Watan goragçylarynyň gününde esasy öwüşgin harby gullukçylaryna berilýär. Emma 23-nji fewral güni bolsa halkyň aňynda erkek kişileriň güni hökmünde garalýar. Ol günde diňe harby gullukçylar däl, eýsem ähli erkek kişiler gutlanylmaga mynasyp diýlip hasap edýärler.

Resmi ýagdaýda baýram edilmese-de, 23-nji fewral gününi esasan rus dilli ilatyň wekilleri hem-de sowet terbiýesinde önüp-ösen uly ýaşly türkmenler baýram edýärler.

23-nji fewral güni mekdep okuwçylarynyň arasynda hem özboluşlyja bellenilýär. Dogrusy, ol gün okuwçylaryň käbiri üçin bahana hem bolýar. Şol gün gyýa-gyýa bakyşýan gyzlar oglanlara sowgatjyk berýärler.

Käbir mekdepde direktorlar okuwçylara bu baýramy belleseler temmi berjekdiklerini birki gün öňünden duýdurýarlar hem. Ýöne bu duýduryşa garamazdan, 23-nji fewral gününi ýokary klas okuwçylary höwes bilen belleýärler.

Halkara zenanlar güni bilen deňeşdireniňde Türkmenistanda bu senäniň şowhuny juda hem juda pesdedir. Onuň hem baş sebäbi bu baýramyň resmi dälligidir.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu ýerde öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG