Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko Ýanukowiç bilen koalision hökümet gurmajagyny aýtdy


Ukrainanyň premýer-ministri Ýulia Timoşenko ýakynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan lider Wiktor Ýanukowiçe garşy hüjümini barha artdyrýar.

Ol Ýanukowiçiň saýlawlary galplyk bilen ýeňendigini aýdyp, onuň bilen haýsydyr bir koalision hökümetini gurmaga özüniň taýýar däldigini mälim etdi.

Timoşenko ýerli bir telekanalda eden çykyşynda, öz garşydaşynyň bir eýýäm ýurduň gaz geçirijilerini satyp başlanlygyny hem öňe sürdi. Bu gaty çylşyrymly bir mesele bolup, onuň bir ujy Orsýete baryp degýär.

Timoşenko penşenbe güni häkimiýet başyna geçjek Ýanukowiçiň uzak wagtlap wezipe başynda galmajagyny hem çak edýänligini aýtdy.

Ýanukowiç 7-nji fewralda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Timoşenkodan köp ses alyp saýlawlarda ýeňiş gazanypdy.
XS
SM
MD
LG