Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşdy


Şu gün irden prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri bilen ýörite duşuşyk geçirdi.

Türkmen telewideniýesi bu duşuşykda döwlet lideriniň medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda anyk wezipeleri kesgitländigini habar berýär. Ýöne bu wezipeleriň nähili wezipelerdigi barada welin anyk maglumat berilmeýär.

Maglumatda prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň medeni durmuşyny mundan beýläk-de ösdürmeklige gönükdirilen resminamalaryň hem birnäçesine gol çekendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG