Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýa, Ispaniýa Guwantanamo tussaglaryny kabul edýär


Guwantanamo türmesini ýapmak baradaky tagallasy boýunça ABŞ ýewropaly ýurtlardan has köp ýardam alyp başlady.

Ispaniýa terrorçulykda aýyplanýan we ady agzalýan türmede saklanýan tussaglardan birini, Albaniýa bolsa üçüsini kabul etjekdigini yglan etdi.

Ispaniýanyň içeri işler ministri Alfredo Perez Rubalkabanyň aýtmagyna görä, Madrid şol tussaglardan ýene 4 sanysyny kabul eder. Bu Ispaniýanyň şol türmäniň tussaglaryndan iň köpsüsini kabul eden ýewropaly ýurt boljakdygyny aňladýar.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti bu tussaglary kabul eden ýurtlara öz minnetdarlygyny bildirip, beýanat ýaýratdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama mundan bir ýyl öň bu türmäniň ýapyljakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG