Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistan talyp lideriniň Owganystana ekstradisiýa edilmegini maslahatlaşmakçy


Şu gün Päkistanyň hökümeti ýakynda Päkistanda tussag edilen ýokary derejeli talyp lideri Molla Baradaryň Owganystana ekstradisiýa edilmegi barada owgan hökümetiniň eden haýyşyny öwrenmekçidigini mälim etdi.

Şu gün irden Owganystanyň hökümeti Molla Abdul Ghani Baradaryň Owganystana ekstradisiýa edilmegi barada iki ýurduň umumy ýagdaýlarda özara ylalaşyga gelendigi barada maglumat ýaýradypdy.

Ýöne Päkistanyň resmileri Molla Baradaryň Pakistanyň territoriýasynda jenaýat edendigi ýüze çykarylan halatynda, onuň öňi bilen Päkistanda sud jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG