Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan paýtagty Kabulda partlama boldy


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, paýtagt Kabulda şu gün irden güýçli partlama boldy.

Bu partlamanyň paýtagtyň iň uly dükanlarynyň biriniň golaýynda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylýar.

Bu partlamadan soňra hüjümçilerdigi güman edilýän adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda atyşyk boldy.

Bu waka 18-nji ýanwarda janyndan geçen bombaçylar tarapyndan Kabulda ýerleşýän hökümet binalary nyşana alnyp amala aşyrylan partlamalardan soň, paýtagtda bolan şeýle ilkinji wakadyr.
XS
SM
MD
LG