Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl polisiýasy bilen palestin topary çaknyşdy


Ýerusalimde ýewreýler hem musulmanlar üçin mukaddes ýerde ysraýyl polisiýasy bilen palestin toparynyň arasynda çaknyşyk boldy. Jebir çeken ýa saklanan ýok.

Agentlikleriň berýän habaryna görä, palestinaly 20-30 sany ýetginjek turistleri daşlapdyr. Bu hüjümi togtatmak üçin polisiýa musulmanlaryň mukaddes ýeri Al-Aksa metjidiniň terrtoriýasyna giripdir, ýtginjekler şol ýerde gizlenipdir.

Ýetginjekleriň metjide girmek islän ýewreý radikallaryna päsgelçilik döretmek isländigini Palestina tarapy öňe sürýär, polisiýa ony ýalana çykarýar.

Soňundan tertip-düzgün ýola goýlupdyr.
XS
SM
MD
LG