Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanadaly sportsmenler olimpiadanyň dowamynda 13 altyn medal aldylar


Öten agşam Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçýän gyşky olimpiýa oýunlarynda hokkeý boýunça final ýaryşda Birleşen Ştatlaryň komandasy bilen Kanadanyň komandasy bäsleşdi.

Bäsleşigiň üçünji bölüminiň iň soňky minudyna çenli kanadaly hokkeýçiler 2-1 hasap bilen öňdeligi sakladylar. Emma ýaryşyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 24 sekunt galanda, amerikan hokkeýçisi Zah Parise bir gol geçirip, hasaby deňledi we komandalar goşmaça wagtda oýny dowam etdirmeli boldular.

Goşmaça wagtyň sekizinji minudynda kanadaly hokkeýçi Sidneý Krosbi amerikalylaryň derwezesine şaýbany salyp, öz komandasyna olimpiadanyň altyn medalyny getirdi.

Şeýlelikde, kanadaly sportsmenler tutuş olimpiadanyň dowamynda 13 sany altyn medal alyp, gyşky olimpiýa oýunlarynda taryhda iň köp altyn medala eýe boldular.
XS
SM
MD
LG