Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Eýrana garşy «ýerlikli» sanksiýalary ulanyp biler


Düýn resmi sapar bilen Fransiýa baran Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Eýranyň öz ýadro programmasa boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwren halatynda, Moskwanyň Eýrana garşy «ýerlikli» sanksiýalary ulanyp biljekdigini aýtdy.

Pariždäki Ýelizaweta köşgünde Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda prezident Medwedew Eýranly mesele sanksiýalara çenli baryp ýetmez we bu meselede Eýranyň parahat ýaşaýjylary hem ejir çekmez diýip umyt edýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG