Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Fransiýadan ýardama garaşýar


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew fransiýaly maýa goýujylary Orsýetiň ykdysadyýetini döwürebaplaşdyrmak boýunça ýardam etmäge çagyrdy.

Medwedew Fransiýa edýän saparynyň ikinji gününde bu ýurduň biznesmenleri bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň öňden görlüp eşidilmedik derejä ýetenligini aýtdy.

Medwedew 1-nji martda eden çykyşynda Orsýetde goýlan fransuz maýasynyň ilkinji gezek Birleşen Ştatlaryňkydan ýokary bolanlygyny hem öňe sürdi.

Duşenbe güni iki ýurduň ýolbaşçylary Fransiýanyň Orsýete dört sany harby gämini satmak mümkinçiligi barada hem gepleşikleriň başlananlygyny tassykladylar.

Bu NATO guramasyna agza ýurt bilen Orsýetiň arasynda amala aşyryljak ilkinji şeýle ylalaşyk bolar.

Bu iki ýurduň arasynda käbir beýleki ugurlar boýunça hem ylalaşyklara gol goýuldy.

XS
SM
MD
LG