Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ÝB-niň wekilini kabul etdi


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapara baran Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Moreli hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Norbert Žusteni kabul etdi.

Bu gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Şol gün hem Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň başlygynyň orunbasary, ýurduň energetika we klimatyň özgermegi bilen bagly meseleler boýunça döwlet ministri Lord Filip Hant bilen hem gepleşik geçirdi.

Gepleşigiň dowamynda Berdimuhamedow bilen Filip Hant Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky dialoglaryň oňyn ösüş depginlerini görkezýändigini bellediler. Şeýle hem olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary, aýratynam, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň ugurlary barada pikir alyşdylar – diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
XS
SM
MD
LG