Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stepan Bendera gahrymanlyk ady berildi, ÝB muny tankyt edýär


Düýn Günbatar Ukrainadaky käbir regional geňeşler Stepan Bendera gahrymanlyk adynyň berilmegi barada Ýewropa Parlamentiniň eden tankytlaryny ret etdiler.

Geçen hepde Ýewropa Parlamenti şu ýylyň başynda Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň Stepan Bendera «Ukrainanyň gahrymany» diýen ady dakmak barada çykaran permanyny ýazgaryp, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Ýöne düýn Ukrainanyň Lwow, Ternopol we Iwano-Frankowsk oblastlarynyň geňeşleri Ukrainanyň halky üçin Stepan Benderanyň bitiren hyzmatlaryndan Ýewropa Parlamentiniň habarsyzdygyny we onuň bu barada kabul eden rezolýusiýasynyň nädogry garaýyşlara esaslanýandygyny öňe sürduler.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Stepan Bendera bir wagtyň özünde hem nemes faşistlerine, hemem Sowet goşunlaryna garşy göreşipdi. Onuň taryhy roluna Günbatar Ukrainada käbir toparlar oňyn baha berýärler.
XS
SM
MD
LG