Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky syýasy ýagdaý boýunça maslahat geçiriler


5-nji martda Awstriýanyň paýtagty Wenada “Türkmenistan-Günbatar: energiýa bähbitleri hem syýasy ýagdaý” atly tegelek stol söhbetdeşligi geçiriler.

Bu çäre “Eurasian Transition Group” topary tarapyndan gurnalýar.

Duşuşykda Halkara krizis toparynyň wise-prezidenti Alain Deletroz, žurnalist Arkadiý Dubnow, türkmen oppozisiýasynyň liderleriniň biri Nurmuhammet Hanamow, daniýaly žurnalist Maýkl Andersen dagy çykyş ederler diýlip garaşylýar.

Häzir Türkmenistana köp sanly Günbatar delegasiýalary sapar edip, energiýa meselesi boýunça gepleşikler geçirýärler.

Şu günler Türkmenistana sapar edip, ýurduň prezidenti bilen duşuşan günbatarly wekilleriň arasynda ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Morel, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Norbert Žusten hem-de
Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň başlygynyň orunbasary, ýurduň energetika we klimatyň özgermegi bilen bagly meseleler boýunça döwlet ministri Lord Filip Hant dagy bar.
XS
SM
MD
LG