Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti hökümet maslahatyny geçirdi


Düýn Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda ýakyn wagtlarda Täjigistanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek saparyna görülýän taýýarlyklar we käbir beýleki möhüm meseleler barada maslahat edildi.

Maslahatda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň aýal-gyzlaryny ýetip gelýän 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar güni bilen gutlap, bu waka mynasybetli türkmenistanly köp çagaly enelerden 116-syna «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak barada ýörite permana gol çekdi.

Maslahatyň dowamynda käbir wise-premýerler we ministrler öz ýolbaşçylyk edýän pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG